logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Economics /Telekeçileriň zähmeti-saçagmyzyň eşreti
  13.11.2019
968
Telekeçileriň zähmeti-saçagmyzyň eşreti

    Watanymyzy ak ertirler bilen merdana röwşen geljegimize tarap bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar türkmen halky asuda parahat abadan durmuşda ýaşaýarlar. Täze ösüşler, beýik özgertmeler, netijeli başlangyçlar bilen bütin dünýäde abraý mertebä eýe bolan Türkmenistan döwletimizde il-ýurt bähbitli bütindünýä ähmiýetli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz ösýär, özgerýär. Şol sanda ýurdymyzyň telekeçilik ulgamynda hem uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz “Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr” diýip örän ýerlikli belläp geçýär. Hakykatda hem, ýurdumyzda telekeçilere telekeçilik işi bilen meşgullanmaklyga uly mümkinçilikler döredilýär. Çünki, Gahryman Arkadagymyz türkmen telekeçilerinden edýän talaby-da halkymyza eksport ugurly dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümler bilen üpjin etmekden ybarat bolup durýar.

     Ak bugdaý etrabynyň çäginde birnäçe ýyladyşhanalaryň gurulyp, berilmegi ýurdumyzda telekeçilige uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Elbetde, telekeçilik döredijilikli işlemegi talap edýär. Telekeçilik pudagynyň iň bir öndürijilikli hereket edýän pudaklarynyň biri hem ýyladyşhana toplumlarydyr. Häzirki wagtda Ak bugdaý etrabynda açylyp ulanylmaga berlen birnäçe ýyladyşhanalar toplumy hereket edýär. Şolaryň biri hem Änew şäherinde ýerleşýän telekeçi Nurmuhammet Gapurowa degişli bolan ýyladyşhana toplumydyr. Bu ýyladyşhana 2017-nji ýyldan bäri hereket edip, onda birnäçe ýaşlarmyza iş üpjünçiligi döredilen. Umumy tutýan meýdany 2 gektara barabar bolan bu ýyladyşhana toplumynda saçaklarymyzyň bezegi bolan pomidor ösdürilip ýetişdirilýär we ýurdumyzyň ak bazaryny ter we täze pomidor we pomidor önümleri bilen üpjin edilegine özüniň uly täsirini ýetirýär. Türkmen telekeçileriniň alyp barýan şeýle beýik işleri bolsa elbetde ýurdumyzyň ykdysady hereketlendiriji güýjüniň has-da ösmegine, ýurdumyzda bazar bolçulygyny döretmegine özüniň uly täsirini ýetirýär.

       Türkmen telekeçileriniň at-abraýynyň has-da belende galmagy üçin bimöçber işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belenç başy aman, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!