logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Economics /Telekeçilik - ykdysadyýetiň möhüm ugry
  19.09.2019
936
Telekeçilik - ykdysadyýetiň möhüm ugry

   Ahal welaýatynda ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň wekilleriniň senagat, gurluşyk , oba hojalyk, azyk, söwda, hyzmat we beýleki ugurlar boýunça alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Bu gün olar tarapyndan welaýatyň çäginde maldarçylyk toplumlarynyň 46-sy, gurlyşyk toplumlarynyň 48-si, balykçylyk hojalyklarynyň 11-si, döwrebap tehnologiýaly ýyladyşhanalaryň 115-si döredildi.

        Milli Liderimiziň ýurdymyzda içerki bazarlar we eksport üçin ýokary hilli önümçilikleri döretmek, ekologiýa taýdan  arassa önümleriň önümçiligini giňeltmek we ilatyň  iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak bilen bagly edýan tagallaryndan ruhlanan Turkmenistanyň  Senagatçylar we telekiçiler birleşmesiniň agzalarynyň Ahal welaýatynyň çäginde alyp barýan işleri barha rowaçlanýar. Ahal welaýatyň çäginde hususy pudagyň wekilleri tarapyndan  9 müň 800 gektardan gowrak meýdanda miweli baglaryň we üzümiň 6 milliona golaý düýbi oturdyldy.

        Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagy telekeçileriň özbolyşly senagat şäherçesini ýada salýar. “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda barha özgerýän bu künjekde innowasion häsiýetli hazirki zaman kärhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi bilen ol ýerdäki döwrebap önümçilikleriň sany 150-den geçdi. Muňa mysal edip   “Bagytly zaman” hojalyk jemgyýeti ýuwyjy serişdeleriň birnäçe görnüşini öndürýär . “Ak nur”, ”Aý nur” atly elde we awtomatik usulda ýuwulýan reňkli, şeýlede reňksiz egin eşiklere niýetlenen ýuwyjy serişdeleri içerki we daşarky bazarlarda uly meşhurlyk gazandy. Şonyň bilen baglanşykly “Türkmen berk metal” hususy kärhanasy her ýylda 50 müň tonna barabar awtomatik hem-de elde ýuwulýan reňkli we reňksiz egin-eşiklere niýetlenen 3,6,10,12 kilogramlyk “Güneş”, ”Emaý” haryt nyşany bilen ýuwyjy serişdeleri öndürilýär.

        Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ahal welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakynda” Kararyna laýyklykda gurlan “Täç hil” hususy kärhanasyna degişli bolan polietilen paketleri we çygly süpürgiçleri öndürýan kärhana mynasyp orun alýar.  Häzirki wagtda ol ýerde çygly supürgüçleriň 17sany görnüşi bardyr, mundan başgada hojalykda giňden ulaanylýan gap-gaç ýuwyjy serişdeleriň, suwuk sabynlaryň dürli görnüşleri hem öndürilýar. Bu kärhananyň ýokary hilli önümleri Gruziýa, Azerbaýjan, Gazagystan, Owganystan, Özbegistan ýaly ýurtlara eksport edilýär.

        “Nurana Türkmen” hojalyk jemgyýetine degişli bolan täze mebel önümçilik toplumy hem ýokary hilli önümleri bilen uly meşhurlyga eýe bolýar. Bu kärhanada ýylda dürli görnüşli, ýokary hilli gapylaryň 40 müňsiniň, aşhana mebelleriniň 12 müň toplumynyň öndüriljekdigini bellemek gerek, we 125 sany iş orunlary dörär.

        “Bir Dünýä” hojalyk jemgyýetiniň uly göwrümli haltalary öndürýan kärhanasy hem az salymda adygan önümçilikleriň hatarynda mynasyp orun aldy. Ýylda dürli ölçegli haltalaryň 1 millonyny öndürmäge mümkinçiligi bardyr häzirki wagtda bu kärhanada Awstriýanyň “Starlinger” kysymly iň döwrebap enjamynyň kömegi bilen, göwrümi 300 kilogramdan 2 tonna çenli bolan mahnet ganarlar öndürilýär.

    Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimizin jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt, dünýä ähmiýetli tutumly işleri mundan beýlakde hemişe üstünliklere beslensin!