logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Temmäkä garşy göreşmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär
  06.05.2023
762
Temmäkä garşy göreşmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär

Şu günler Ak bugdaý etrabynyň edara-kärhanalarynda temmäkä garşy göreşmek boýunça wagyz-nesihat çäreleriniň biraýlygynyň çäginde duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär. Ýörite meýilnama esasynda geçirilýän çärelerde jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleridir işjeň agzalarynyň, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işgärleriniň we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň çykyşlaryna giň orun berilýär.
Wagyz-nesihat çärelerinde ýaşlara ýaramaz endiklerden daşda durmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek boýunça gymmatly maslahatlar berilýär. Özara sowal-jogap alyşmak çäreleriň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär.