logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Tennis boýunça sebitleýin ýaryşyna badalga berildi
  06.06.2023
1078
Tennis boýunça sebitleýin ýaryşyna badalga berildi

5-nji iýunda paýtagtymyzda 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu sebitleýin ýaryşda 6 ýurduň — Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ýaş tennisçileri toparlaýyn birinjilik ugrunda bäsleşerler.

Bu sport çäresiniň geçirilmegi ugrunda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Tennis federasiýasy tarapyndan toplumlaýyn esasda taýýarlyk görüldi. Munuň üçin paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde türgenler we ýaryşa gatnaşjaklaryň hemmesi, myhmanlardyr janköýerler üçin zerur şertler döredildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň üç ýokary okuw mekdebiniň — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplaryndan 170 meýletinçi taýýarlanyldy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň açylyş dabarasy Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Tennis toplumynda geçirildi.