logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Terapiýa itleri agyryny we depressiýany 50%-e çenli azaldyp bilýär
  21.04.2022
1048
Terapiýa itleri agyryny we depressiýany 50%-e çenli azaldyp bilýär

Alymlaryň geçiren täze gözleglerine görä, ýörite taýýarlanyp okuw geçilen bejeriş itleri bilen bary-ýogy 10 minut wagt geçirmek, hassalarda yzany, agyryny, aladalary we depressiýany ep-esli derejede ýeňilleşdirýär.

Kanadaly alymlar 200 sany hassany terapiýa itleri bilen birnäçe wagtlap bolmagy teklip etdiler. Netijede, hassalarda ýygy-ýygydan duş gelýän depressiýa, agyry, yza ýaly alamatlaryň ep-esli derejede kemelendigi hasaba alyndy. 

“Daily Mail” halkara neşiriniň habaryna görä, terapiýa itleriniň käbiriniň hassalardaky agyry derejesini 43 göterime çenli azaldýanlygy aýdylýar. Mundan öňki gözlegler, itler bilen ownuk gatnaşyklaryň hem beýniniň söýgi ýa-da ygrarlylyk ýaly gormonlaryň has-da güýjemegine getirýändigini görkezdi.

Gözlege gatnaşan hünärmenler terapiýa itleriniň hassalar üçin möhüm ähmiýete eýedigini belleýärler. Fiziki zerurlyklary bolan näsaglara kömek edýän ýol görkeziji itlerden tapawutlylykda, bejeriş itleri adamlara emosional goldaw we rahatlyk berýär.

Leýli ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.