logo

Latest news:
✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦ ✦ Gonkongda türkmen-hytaý atçylyk medeniýetine bagyşlanan sergi geçirildi ✦ ✦ Anadoluda gadymy siwilizasiýalaryň täze syrlary açylýar ✦ ✦ Porsche 100 göterim gaýtadan işlenen materially akkumulýator elementlerini synagdan geçirýär ✦
Home / Science and Education /Terbiýeçilik mekdebi
  25.09.2026
32
Terbiýeçilik mekdebi

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplygy üç gezek ykrar edilen Türkmenistan häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga, özara hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty alyp barmak bilen ählumumy abadançylygyň berkidilmegine goşant goşýar. Gahryman Arkadagymyz özüniň çykyşlarynda bu barada aýratyn durup geçip, çuňňur pikirlerini beýan edýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Milletler Bileleşigi 33 sany Kararnamany kabul etdi. Olaryň ählisi hem adamlary gowulyga itermäge, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolmaga, parahatçylygy berkitmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz hem, Gahryman Arkadagymyz hem diplomatiýada, dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmekde ussatlyk görkezip, diplomatik gullugyň hünärmenlerine nusga bolýarlar.

 

Milli Liderimiz «Siz — Garaşsyzlyk şertlerinde ösüp ýetişen nesil. Türkmenistan size uly umyt baglaýar» diýmek bilen, döwletiň ýaşlardan uly zada garaşýandygyny ýaňzytdy. Şonuň üçin-de döwrebap binalar, mekdepler, okuw otaglar ýylyň-ýylyna gurlup ulanylmaga berilýär. Bularyň ählisi-de, ýaş nesilleriň sowatly bolup ýetişmegi üçin niýetlenendir. Manyly ömründe Gahryman Arkadagymyzyň atasy mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew mugallymçylyk edip, halkyň içinden zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda köp işleri bitirdi. Beýik şahsyýetiň bitiren bu işleri dogrusynda Milli Liderimiz özüniň «Döwlet guşy» romanynda giňişleýin gürrüň berýär.

 

Mugallym — ol asylly käriň, sylag-hormatyň hakyky eýesidir. Jemgyýeti milli düşünjelerimiz, medeni däplerimiz esasynda terbiýelemekde bu kärde zähmet çekýän ynsanlara möhüm orun degişli. Internet giňişligindäki ters düşünje-garaýyşlara özlerini aldyrmazlygy, ahlak arassalygyny saklamagy, mertebäňi goramalydygyny öwretmekde orta we ýokary okuw mekdepleriniň bilim işgärleriniň hyzmaty uly. Mugallym çagalara özüni alyp barmagyň düzgünlerini öwredip, sözleýiş edebini ösdürýärler. Bu bolsa kämil şahsyýetiň, başarnykly hünärmenleriň kemala gelmegini şertlendirýär.

 

Ogulmaýsa ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.