logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituty zenan raýatlary okuwa çagyrýar
  25.03.2022
1832
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituty zenan raýatlary okuwa çagyrýar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituty Watana, Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän, umumy orta bilimli, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 21-den geçmedik zenan raýatlary okuwa çagyrýar.

Kabul ediş topary «Türkmenistan» gazetiniň 2022-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndaky sanynda çap edilen «Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna 2022-2023-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň Tertibinde» agzalýan, dalaşgärleriň arzasynyň ýanyna goşmaly resminamalaryň sanawyna zenan dalaşgärleriň nikada durmaýandygy barada Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy (RÝNÝ) edaralaryndan berilýän kepilnamanyň goşulýandygyny habar berýär.

Dalaşgärler okuwa girmegiň tertibi boýunça giňişleýin maglumat almak üçin etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilliklerine ýüz tutup bilerler.