logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«The Korea Post» halkara žurnalynyň žurnalistleri Arkadag şäheri bilen gyzyklanýarlar
  10.02.2023
1278
«The Korea Post» halkara žurnalynyň žurnalistleri Arkadag şäheri bilen gyzyklanýarlar

Golaýda, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 31 ýyl doldy. Şu mynasybetli Türkmenistanyň bu ýurtdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Durdyýew «The Korea Post» halkara žurnalynyň baş redaktory Li Kýon Sek bilen duşuşyk geçirdi.

Onuň dowamynda türkmen diplomaty syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň ikitaraplaýyn dialogy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýady döredendigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň doly ygtyýarly wekili «The Korea Post» žurnalynyň žurnalistlerine Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşyklary barada giňişleýin gürrüň berdi. Şunda, esasan, sebitde ilkinji «akylly» şäher boljak bu döwrebap merkezde «ýaşyl» ýörelgeler esasynda ýaşaýjylaryň oňaýly durmuşy üçin daşky gurşawy goramak hem-de seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere üns çekildi.  

 

Nurýagdy HAÝYTMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.