logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /TIF-2025 maýa goýum forumy öz işine başlady
  18.09.2025
1742
TIF-2025 maýa goýum forumy öz işine başlady

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2025) penşenbe güni öz işine başlady.

 

Bu mynasybetli Hormatly Prezidentimiz foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, “Awazada geçirilýän bu forum sebitleriň senagatlaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň has-da ilerlemegine, pudaklara häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, sanly ykdysadyýet konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine we täze maýa goýumlaryň çekilmegine uly itergi berer” diýip nygtady. Bu barada resmi metbugat habar berýär.

 

Forum gatnaşyjylara ýurdumyzyň soňky ykdysady özgertmeleri we başlangyçlary bilen tanyşmak, döwlet we hususy pudaklaryň wekilleri bilen göni aragatnaşyk gurmak, anyk maýa goýum taslamalaryny maslahatlaşmak hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin giň mümkinçilikler açýar.

 

Forumyň maksatnamasynda strategiki panel çekişmeleri, maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşlary, B2B we B2G duşuşyklary, master-klaslar hem-de medeni çäreler göz öňünde tutulýar. Maýa goýum forumy 19-njy sentýabra çenli dowam eder.

 

Merdan NOWRUZOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.