logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /TITU-nyň Umumy we amaly biologiýa institutyny doly hojalyk hasaplaşygyna geçirmek maksadalaýyk hasaplanylýar
  26.11.2022
992
TITU-nyň Umumy we amaly biologiýa institutyny doly hojalyk hasaplaşygyna geçirmek maksadalaýyk hasaplanylýar

25-nji noýabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň, Himiýa institutynyň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynyň meseleleri barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň amaly ylmy-barlag edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutyny doly hojalyk hasaplaşygyna geçirmek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, düýpli we amaly ähmiýetli ylmy barlaglaryň, kärhanalaryň, edaralaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen innowasion tehnologiýalaryň netijeliligi üçin şertleriň döredilmeginiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ylmy-barlag institutlarynyň doly hojalyk hasaplaşygyna geçirilmeginiň öz-özüňi dolandyryş ulgamyny ep-esli gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ylmyň gazananlaryny milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna has işjeň ornaşdyrmaga hem ýardam etjekdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.