logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /TMDDI - III Halkara internet-olimpiadasyna gatnaşjaklary hasaba alyp başlady
  21.03.2024
816
TMDDI - III Halkara internet-olimpiadasyna gatnaşjaklary hasaba alyp başlady

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen ýola goýlan III Halkara internet-olimpiadasyna (IIOE – 2024) gatnaşjaklary hasaba alyp başlady.

 

Olimpiada gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň dil we başga ugurlar boýunça okaýan ähli ýyl talyplary çagyrylýar. Gatnaşjaklaryň sany çäklendirilmeýär.

 

Olimpiada 10-11-nji aprelinde institutyň sanly bilim portaly arkaly synag görnüşinde geçiriler. Synagda okamak, diňlemek we iňlis diliniň grammatikasy bilen baglanyşykly 10 ýumuş bolar. Synag tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin 90 minut wagt berilýär.

 

Olimpiada gatnaşmak isleýänler D.Azady adyndaky TMDDI-niň saýtynyň Internet olimpiadasy bölüminde 31-nji marta çenli sowalnama dolduryp, hasaba alynmalydyr. Ýokary okuw mekdebiň saýtynda gatnaşjaklar üçin goşmaça maglumatlar hem bar. Guramaçylar bilen patrioticyouthtniwl@gmail.com elektron salgysy arkaly aragatnaşyk saklap bilersiňiz.

 

Olimpiadanyň netijeleri 18-nji aprelde institutyň saýtynda yglan ediler. Olimpiadanyň ýeňijileri guramaçy okuw mekdebiniň adyndan diplomlar bilen sylaglanar.

 

Geçen ýyl olimpiadanyň 36 ýurduň 180 ýokary okuw mekdebinden bir ýarym müňden gowrak talyby bir ýere jemländigini belläliň. Onda 200-den gowrak talyp baýrakly orunlara mynasyp boldy, şolaryň 156-sy türkmenistanly talyplardyr.

 

Olimpiadanyň esasy wezipesiniň arasynda iňlis dili boýunça umumy bilim derejesine baha bermek, talyplaryň nazary we amaly bilimlerini berkitmek, aragatnaşyk, ýazuw, gepleşik dili, diňlemek we okamak endiklerini ösdürmek hem-de kämilleşdirmek, şeýle hem talyplaryň iňlis dilini öwrenmäge höwesini artdyrmak we sanly tehnologiýalar arkaly ýokary okuw mekdepleriň arasynda daşary ýurt dillerini wagyz etmekde halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek ýaly wezipeler bar.

 

Olimpiada daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek we Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek ýörelgesini durmuşa geçirmek meýilnamasynyň çäginde geçirilýär.

 

Ogulşirin HUDAÝBERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.