logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /TMK-da hünär saýlamak barada pikir alyşma duşuşyk geçirildi
  30.03.2025
1784
TMK-da hünär saýlamak barada pikir alyşma duşuşyk geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda «Nusga Consulting» maslahatçysy, pedagog, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasynyň işjeň agzasy Merdan Ataýew bilen «Hünär bizi saýlaýarmy ýa-da biz hünäri? Ýaşlary hünäre nähili höweslendirmeli?» atly duşuşyk geçirildi.

 

Bu çärä Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň «Ýaş Telekeçiler merkezi», Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşiniň maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik işleri boýunça merkezi hem-de «Nusga Consulting» guramaçylyk etdiler.

 

Duşuşykda Merdan Ataýew ýaşlaryň hünäre bolan höwesini ösdürmegiň ýollary, hünär saýlamagyň usullary we iş üpjünçiligi barada gürrüň berdi. Ol öz şahsy tejribesine esaslanyp, dürli wezipelerde işleýşi, ýaşlar bilen alyp baran işleri hem-de döreden gurnaklary barada maglumat paýlaşdy.

 

Çäräniň ahyrynda myhman öz gurnaklarynyň hem-de guramaçylygynda geçirilen bäsleşikleriň we çäreleriň wideo hem-de fotosuratlaryny görkezdi. Duşuşyk tamamlanandan soň, talyplar myhman bilen ýadygärlik surata düşüp, onuň täsirli çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi