logo

Latest news:
✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦
Home / Science and Education /TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi
  04.05.2026
16
TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi

S​.A​. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyplaryň hem-de ýaş telekeçileriň gatnaşmagynda «Biznesiň skeleti​ – Rollar we paýlar» atly açyk sapak üstünlikli geçirildi. Kadyrberdi Nurberdiýew​ öz çykyşynda biznes gurmakda diňe bir ideýanyň däl, eýsem onuň dogry gurluşynyň hem örän möhüm orun eýeleýändigini giňişleýin beýan etdi.

 

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar biznesiň içki gurluşy, rollaryň netijeli paýlanyşy hem-de jogapkärçiligiň anyk kesgitlenmeginiň kompaniýanyň ösüşine ýetirýän täsiri barada gymmatly maglumatlar bilen tanyşdyryldy. Nygtalyşy ýaly, üstünlikli kompaniýanyň özeni anyk kesgitlenen rollardan, düşnükli jogapkärçilikden we deňagramly paý gurluşyndan düzülýär.

 

Kadyrberdi Nurberdiýew​ çykyşynda biznesde tertip-düzgüniň we dolandyryş ulgamynyň ýetmezçiliginiň köplenç ýagdaýlarda şowsuzlyga getirýändigini aýratyn belläp geçdi. Şeýle-de, ol dogry gurluş döredilen ýagdaýynda islendik ideýanyň durnukly hem-de dolandyrylýan ulgama öwrülip bilýändigini mysallar arkaly düşündirdi.

 

Çärä gatnaşyjylar birnäçe  sowallary berip, amaly maslahatlary almaga mümkinçilik tapdylar. Bu ýagdaý çäräniň diňe nazary taýdan däl, eýsem amaly taýdan hem ähmiýetlidigini görkezdi.

 

Açyk sapak Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S​.A​. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TSTP​-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG​-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik işleri boýunça Merkezi tarapyndan bilelikde guraldy.

 

Bu çäre ýaşlaryň arasynda telekeçilik medeniýetini ösdürmekde, şeýle hem biznesi dogry gurmagyň esasy ugurlaryny öwretmekde möhüm ädimleriň biri boldy. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi geljekde üstünlikli telekeçileriň sanynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirer.