logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi
  12.04.2026
402
TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi

Aşgabat şäherindäki S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Güýçli brendleriň psihologiýasy” atly açyk sapak geçirildi. Bu çäre ýaşlaryň marketing, brending hem-de häzirki zaman işewürlik ugurlary boýunça bilimlerini artdyrmaga gönükdirildi.

 

Açyk sapaga myhman hökmünde gatnaşan “Çyzgy” studiýasynyň esaslandyryjysy Serdar Gurbanmyradow çykyşynda güýçli brendleriň kemala gelşi, olaryň sarp edijiler bilen gatnaşygy we psihologik täsir ediş aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem çykyşda brendiň diňe bir daşky keşp däl-de, eýsem adamlaryň duýgularyna täsir edýän, ynam döredýän hem-de uzak möhletleýin täsir galdyrýan möhüm guraldygy bellenildi.

 

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar brendingiň esasy düzgünleri, üstünlikli kompaniýalaryň tejribesi hem-de bazarda özboluşly orun eýelemegiň usullary barada peýdaly maglumatlary aldylar. Interaktiw görnüşde geçirilen sapak ýaşlara öz sowallaryny bermäge we degişli jogaplary almaga mümkinçilik döretdi.

 

Bu açyk sapak Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik işleri boýunça Merkezi tarapyndan bilelikde guraldy.

 

Çäre ýaşlaryň döredijilik hem-de telekeçilik başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle-de häzirki zaman brending düşünjelerini öwrenmäge oňaýly şertleri döretdi.