logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi
  14.03.2026
570
TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Suhangöýlük, dilewarlyk, söz sungaty” atly açyk sapak geçirildi. Bu çäre ýaşlaryň söz medeniýetini ösdürmek, olaryň döredijilik ukyplaryny goldamak hem-de edebiýata bolan gyzyklanmasyny artdyrmak maksady bilen guraldy.

 

Duşuşygyň myhmany hökmünde şahyr, terjimeçi, režissýor hem-de dramaturg Oguljennet Bäşimowa çykyş etdi. Ol talyplar bilen duşuşykda söz sungatynyň jemgyýetdäki ähmiýeti, suhangöýlügiň aýratynlyklary hem-de dilewarlyk ukybynyň adam durmuşyndaky orny barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de ol öz döredijilik tejribesi bilen paýlaşyp, ýaşlaryň döredijilik ýolunda yhlasly zähmet çekmeginiň möhümdigini nygtady.

 

Açyk sapagyň dowamynda myhman talyplaryň sowallaryna jogap berip, poeziýa, dramaturgiýa hem-de terjimeçilik işi barada gymmatly maslahatlaryny berdi. Talyplar bolsa söz sungaty bilen bagly pikirlerini paýlaşyp, dürli döredijilik çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Bu bolsa çäräniň has-da täsirli hem gyzykly geçmegine mümkinçilik berdi.

 

Çäräni Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanynda “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi bilelikde guradylar.