logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Science and Education /TOHU okuwçylar üçin matematika we fizika olimpiadasy geçirer
  13.03.2024
827
TOHU okuwçylar üçin matematika we fizika olimpiadasy geçirer

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti mekdep okuwçylary üçin matematika we fizika boýunça olimpiadalary geçirer. Bu barada Anastasiýa Kasýanowa "Türkmenistan: Altyn asyr" saýtynda habar berýär.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýurduň takyk dersler çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika we fizika boýunça II internet olimpiadany geçirer.

Ýokary synp okuwçylarynyň arasynda matematika boýunça bäsleşik 16-njy aprelde, fizika boýunça 17-nji aprelde geçiriler. Olimpiadalaryň ikisine ýokary synp okuwçylaryň hersinden üç okuwçydan gatnaşyp biler. Olimpiada türkmen we rus dillerinde özbaşdak bäsleşikler görnüşde uzak aralykdan geçiriler. Gatnaşýanlar üçin ýumuşlar şol dersler boýunça mekdep maksatnamasy göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. Ýumuşlary çözmäge 180 minut wagt berler.

Olimpiadalarda çykyş etmek isleýänler 10-njy aprele çenli tm.tau.2022@gmail.com elektron salga okuwçylar hem-de olaryň ýolbaşçy mugallymlary barada maglumatlary ibermelidirler. Bäsleşigiň düzgünnamasy S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň https://tohu.edu.tm/ saýtynda ýerleşdirildi. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99312-342680, +99365633644.

Ders bäsleşikleriň ýeňijileri guramaçy ýokary okuw mekdebiň I, II we III derejeli diplomlary hem-de medallary bilen sylaglanarlar.

Olimpiadalaryň geçirilmegi mekdep okuwçylaryň ukyp-başarnyklaryny açmaga, has zehinlileri ýüze çykarmaga, dersler boýunça gatnaşýanlaryň bilimlerini artdyrmaga mümkinçilik berer, şeýle hem ähli taraplaýyn ösen ýaşlary terbiýelemäge, ýokary synp okuwçylaryň geljekki hünärlerini saýlamak üçin oňaýly şertleri döretmäge hem-de maglumat aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly ýurduň ýokary okuw we orta mekdepleriniň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder, diýip bildirişde bellenilýär.