logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /Tohumyň müňlesin, daýhan!
  23.03.2024
550
Tohumyň müňlesin, daýhan!

Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möwsüme 27-nji martda girişerler.

 

Asylly däbe görä, gowaça ekişine il sylagly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygy, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler.

 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, oba hojalyk pudagynda-da düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Edermen daýhanlarymyz bugdaýyň hem pagtanyň, şeýle-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýygnap, Watan harmanyny beýgeldýärler.

 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda  ýurdumyzyň obasenagat toplumynda gazanylýan şeýle ösüşler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we onda bellenilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişiniň aýdyň dabaralanmasydyr.

 

Goý, halkymyzyň bolelin, asuda ýaşamagy, halal zähmet çekmegi üçin alada edýän, Watanymyzyň şan-şöhratyny beýgeldýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn!

 

Maýa BAÝRAMOWA,

Aşgabat şäherindäki 
agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň mugallymy.