logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär
  19.06.2023
1139
Tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, ýurdumyzyň  çäginde hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri ösüp barýan ýaş nesillerimiz üçin giňden gujak açýar. Muňa mysal edip, Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» çagalar dynç alyş sagaldyş merkezini, Gökderedäki «Beýik Serdaryň Ruhubelent nesilleri» hem-de Kaka etrabymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Hywaabat obasyndaky «Ýaşyl ýaýla» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezlerini görkezmek bolar.

Şu günler Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Kaka etrap Birleşmesi tarapyndan hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan ugradylýan dynç almaga gidýän mekdep okuwçylarynyň tapgyrlaýyn möwsümi gyzgalaňly dowam edýär.

 

Mähri ALIÝEWA,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler 
arkalaşygynyň Kaka etrap 
Geňeşiniň işgäri.