logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /TOPH gaz geçirijisiniň ykdysady, guramaçylyk we hukuk babatda meselelerinin esaslary
  28.03.2025
1722
TOPH gaz geçirijisiniň ykdysady, guramaçylyk we hukuk babatda meselelerinin esaslary

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi.

 

Maslahatda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi barada giňişleýin pikir alşyldy. Bu iri taslamanyň esasy maksady jemi 1 milliard 750 million ilatly ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün etmek bolup durýar.

 

Gaz geçirijiniň Türkmenistanyň çäginden geçýän 214 kilometrlik bölegi eýýäm guruldy. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda 153 kilometrlik Serhetabat — Hyrat böleginiň gurluşygyna badalga berildi, we häzirki wagtda taslama Owganystanyň çäginde işjeň dowam etdirilýär. Bu gaz geçirijiniň durmuş-ykdysady taýdan ähmiýetine ünsi çekip, hünärmenler onuň Owganystanda 12 müň iş ornuny döretjekdigini belleýärler. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystandaky birnäçe ynsanperwer meseleleri çözmäge hem ýardam berer.

 

Milli Liderimiz taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin halkara ülňülere we kadalara laýyk gelmelidigini belläp, energetika kompaniýalarynyň, konsalting firmalarynyň we banklaryň wekilleriniň TOPH çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine eýedigine ynam bildirdi.

 

Gahryman Arkadagymyz Merkezi we Günorta Aziýanyň ulag babatdaky arabaglanyşygynyň, şeýle-de bu ugurda alnyp barylýan ösüş taslamalarynyň Ýewraziýa yklymynyň ykdysady strategiýalarynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýtdy. Ol Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ýolagçylary we ýükleri gatnatmak üçin demir we awtomobil ýollarynyň, howa we deňiz ugurlarynyň hem-de gury portlaryň döwrebap üpjünçilik ulgamlarynyň döredilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem, logistikanyň sazlaşykly we utgaşykly alnyp barylmagy ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.

 

Jennet MYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.