logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦
Home / Politics /«TOPH» taslamasyna rus kompaniýalary hem gatnaşmagy meýilleşdirýär!
  06.03.2023
1074
«TOPH» taslamasyna rus kompaniýalary hem gatnaşmagy meýilleşdirýär!

Russiýanyň turba öndüriji kompaniýalary Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna gatnaşmaga taýýardygyny mälim edýär. Bu barada Russiýanyň Owganystandaky ilçisi Dmitriý Žirnow «Izwestia» gazetine beren interwýusynda belläp geçdi.

Ilçi Dmitriý Žirnow rus kompaniýalarynyň bu gaz geçirijiniň türkmen böleginiň gurluşygyna goldaw berendiklerini habar berdi. Şeýle hem ilçi Russiýa bilen Owganystanyň hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.

Ilçiniň aýtmagyna görä, rus inženerleri Kabuldaky ýyladyş gazanhanalary, ýyladyş we suw üpjünçilik ulgamlaryny, elektrik beketleri gözden geçirdiler we jemgyýetçilik hyzmatlaryny täzeden gurmak meýilnamasyny taýýarladylar. Şeýle hem rus bilermenleri Owganystanyň üsti bilen Özbegistandan Pakistana demir ýol gurmak boýunça tehniki topara hem gatnaşýarlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.  

 

Atajan MYLKYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.