logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /Topragyň bejerilişi we ideg edilişi
  19.11.2023
789
Topragyň bejerilişi we ideg edilişi

Toprakda bejergi geçirmegiň maksady topragy gurplandyrmakdan ybaratdyr. Ýeriň sürlen ýokarky gatlagynda 1 mm-den 10 mm-e ýetýän digir-digir topragyň gurplugy üçin şert döredýär. Ýerlerde sürüm geçirilende öňki azalçaly azallar bilen bellenilen, möhletlerde we bellenilen çuňluklarda sürülmeli. Şonda topragyň keseligine kesilip giden gatlagy bütin böleginde birmeňzeş gyradeň bolmalydyr.

 

 

Sürümiň çuňlugynyň bellenilenden 5%-den artyk tapawut etmegine ýol berilmeli däldir: Sebäbi hasylyň pes bolmagyna getirýär. Sürüm işinde edilmeli şertler şulardyr.Topragyň gatlagy doly agdarylmalydyr. Munuň özi ýerde galan ähli haşal ot çöpleriň we sypallaryň, şeýle hem mineral we ýerli dökünleriň topraga çuň garylmagy üçin zerurdyr;

 

- sürlen meýdandan beýik serpme gerişleriň we giň keşleriň bolmazlygy üçin, gömüji enjamlary ilki topragyny içine agdaryp, soňra bolsa daşyny agdaryp sürmeli;

 

- timarlamany bellenilen agrotehniki möhletlerde we bellenilen çuňlukda geçirmeli;

 

- gapaklanan topragyň gapagyny aýyrmaly; ,

 

-haşal ot çöpleri aýryp taşlamaly;

 

- sürümde emele gelen toprak gerişlerini düzmeli.

 

 

Ýurdumyzda sürüm işleri John Deere 4K4 kysmyly traktor we PLN-4-35 kysymly dört tutumly asma azal bilen geçirilýär sebabi bu ýagdaý topragymyzyň şertine gowy täsiri edýär.



Begenç Ereşow
Türkmen oba hojalyk institutynyň
weterinar lukmançylyk fakultetiň
1-nji ýyl talyby.