logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /«TOÝ ARZUWLARY- SYNPDAŞYM!» - Guwanç SAPAROW
  11.11.2022
1501
«TOÝ ARZUWLARY- SYNPDAŞYM!» - Guwanç SAPAROW

Bu gün saňa buýsanç bilen ýüzlenýän,
Nesip etsin bagtyň töri, synpdaşym!
Şat günüňe şaýat bolup durus biz,
Ynha, menem şolaň biri, synpdaşym.

Arzuwym dünýäde bagtly ýaşa!
Öwrülip ak ganat, ak perli guşa.
Senden ylham alsyn gözel durmuşam,
Öçmesin gül ýüzüň nury, synpdaşym!

Arzuwdan dolduryp arzyly dünýäň,
Seni bagtly etmek parzydyr dünýäň.
Ýürekden çykan söz ýürege siňýär,
Wysal bolsun olaň bary, synpdaşym!