logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Toý sowgady göwünleri joşdurýar
  18.05.2021
618
Toý sowgady göwünleri joşdurýar

     Şu ýyl paýtagtymyzyň esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýar. Hormatly Prezidentimiziň Ministirler Kabinetiniň 7-nji maýda geçirilen Mejlisinde özüniň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabyny tamamlandygyny aýtmagy bu şanly baýramçylyk mynasybetli halkymyza uly toý sowgady boldy. Häzirki günlerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde toý sowgadynyň tanyşdyrylyş dabaralary dowam edýär. Şeýle dabaralarynyň biri hem Sarahs etrap Medeniýet öýünde Sarahs etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Sarahs etrap birleşmesiniň gurnamaklarynda guramaçylykly geçirildi. Dabara etrabyň bilim ulgamynda,edara-kärhanalarynda, etrap hassahanasynda zähmet çekýän raýatlar we il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň bu toý sowgady bolan kitaby bilen dabara gatnaşyjylary tanyşdyryp, ol kitapda paýtagtymyz Aşgabadyň tarypyny özünde jemleýän gymmatly maglumatlar, fotosuratlar we awtoryň filosofiki pikirleri ýerleşdirilip, baş şäherimiziň ýurduň syýasy, ykdysady, ruhy-jemgyýetçilik, ylym-bilim we sport merkezi hökmündäki ornuna has gowy düşünmäge ýardam berýändigi barada bellediler. Toý ruhuna beslenen dabaranyň dowamynda Medeniýet bölüminiň aýdymyçylarynyň ýerine ýetiren aýdymdyr-sazlary, folklor çykyşlary dabara gatnaşyjylara uly ruhubelentilik paýlady. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli ýörelgelerimizi dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza öz sagbolsunlaryny aýdyp, alkyş sözlerini beýan etdiler.