logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Toýlar toýa ulaşýar
  10.11.2021
744
Toýlar toýa ulaşýar

Türkmen halky ,,Berkarar Döwletiň Bagtyýarlyk döwründe’’ erkana we bol-elinlikde ýaşamak bagtyna eýe boldy. Ýurdumyzda  babadaýhanlarymyza, oba adamlaryna bereketli güýzde ,,Ak-Altynyň’’ bol hasylyny almak üçin ähli mümkinçilikleri döredildi. Daýhanlar dünýäniň öňdebaryjy tehnikalary, dökünleri we saýlama hilli tohumlar bilen üpjün edilýär.

Ýakynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky Altyn asyr pagta arassalaýjy önümçilik kärhanasynda dabaraly toý çäresi geçirildi. Bu toý Ahal welaýaty boýunça pagta hasylynyň borçnamalaýyn meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly, döwlet harmanyny ak altyn bilen doldurmagyna bagyşlandy. Bu şowhunly çärä, Ak-altyn ussatlary, kärendeçiler welaýatyň Hormatly ýaşululary, medenýet işgärleri, görnükli bagşylar, önümçiligiň öňdebaryjylary, Ahal welaýat häkimligiň wekileri, ähli jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Dabara gatnaşanlar ,,Türkmenistan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly’’ diýlip yglan edilen ýylynda, pagta taýýarlamak boýunça döwlet şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren Ahal welaýatynyň babadaýhanlarynyň zähmet üstünliklerini tüýs ýürekden gutladylar. Toý dabarasynda bagşylar aýdym aýtdylar, şahyrlar gutlag goşgularyny okadylar. Çärä gatnaşanlar oba adamlarynyň azat erkin ýaşamagy, halal zähmet çekmekleri üçin ýurdumyzda döredilýän ähli zerur mümkinçilikleri üçin özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.