Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy — dünýä şygryýetiniň şamçyragy ✦ ✦ Afrika tokaýlarynyň täsin jandary — bongo ✦ ✦ Türkmen futbolçylaryndan ynamly ýeňiş ✦ ✦ Ýurdumyzda Gurban baýramy giňden bellenilýär ✦ ✦ Özbegistan taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar ✦ ✦ Mätäç çagalara lukmançylyk kömekleri berildi ✦ ✦ “Ekologiýa üçin innowasiýalar we telekeçilik başlangyçlary” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Ýerleriň şorlaşmagy tebigy durnuklylyga howp salýan mesele ✦ ✦ Biodürliligi gorap saklamak sagdyn ekoulgamy döretmegiň esasy şertidir ✦ ✦ Türkmen suratkeşleri Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Toýlary toýlara ulaşýar watan
  08.05.2020
490
Toýlary toýlara ulaşýar watan

   Halkymyzyň müňýyllyklarynyň dowamynda umumyadamzat durmuşynyň ösüp-özgermegi, öňe ilerlemegi üçin mynasyp işleri alyp baranlygy taryhdan bellidir. Ata-babalarymyz ýaşaýyş-durmuş medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan haýwanat dünýäsiniň kämillige eýe bolmagy üçin, alyp baran işlerine ser salanyňda behişdi bedewi, arwana düýesi, saryja goýny, elguşy bilen bir hatarda wepalylykda we hemaýatkärlilikde taýsyz nusga bolan alabaý itini hem buýsanç bilen ýatlamak bolar. Halkymyzyň durmuşynda uly orun eýelän Türkmen alabaýy bu gün bütün dünýäde giňden bellidir. Asly nurdan dörän türkmen halkynyň her bir dogýan güni özüniň täsirliligi bilen tapawutlanýar. Günlerimiz toýlara, şanly senelere, taryhy wakalara  beslenip gelýär. Şanly Ýeňiş baýramynyň 75-ýyllygynyň bellenilýän günleriniň öňisyrasynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň çäginde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky döwlet weterinar bejerişhanasynyň we öý haýwanlarynyň saklanýan toplumynyň açylyş dabarasy boldy. ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany’’ ýylynda bagtyýar raýatlarymyzyň bähbidine gönükdirilen bu maksatly binanyň gurlup ulanylmaga berilmegi kalby  buýsançdan doly halkymyza baýramçylyk sowgady boldy. Bu günki geçirilen açylyş dabarasyna welaýatymyzyň ýolbaşçy işgärleri, il sylagly ýaşulylar, mährem eneler, dürli kärde zähmet çekýän bagtyýar raýatlarymyz gatnaşdylar. Elleri duz-çörekli, öz ýurdymyzda öndürilýän nazy-nygmatlar bilen doldurylan  podnosly milli eşikli gyzlar dabara gatnaşýan myhmanlara hödür-kerem etdiler. Bu maksatly bina özboluşly bir many-mazmuna eýe bolup, birnäçe bölümleri bilen tapawutlanýar. Weterinar bejerişhanasy operasiýa otagyndan, operasiýadan soňky gözegçilik otagyndan, tehniki gözegçilik otagyndan, sanjym otagyndan, weterinar dermanhana otagyndan, umuman aýdylanda hururgiýa we terapeýa bölümlerinden ybaratdyr. Öý haýwanlarynyň ýürek urşuny barlaýan, diş we gan kesellerini barlaýan, şeýle-de operasiýa wagtynda öýkene emeli dem berýän, narkos berýän, wagtyna ýetmän doglan öý haýwanlarynyň saklanylýan enjamlary ýerleşdirilipdir. Dünýäniň ösen döwletleriniň kompaniýalarynyň önümleri bolan weterinar lukmançylygyna degişli, tehnologiýanyň iň soňky gazanan enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bu maksatly bina halkymyzyň bähbidine gönükdirilen oňyn özgertmeleriň berk binýadyny düzýär. Elleri ýeňil weterinar lukmanlary eýýämden halkyň hyzmatynda. Açylyş sahnasynyň döwrebap nusgada bezelmegi dabara özboluşly bir aýratynlyk berdi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu açylyş dabarasy halkymyza ruhy lezzet paýlady. Ähli amatly şertleri bolan bu weterinar bejerişhanasy halkymyza öz hyzmatyny gaýgyrmaz. Umuman aýdylanda bu günki geçirilen açylyş dabarasy uly üstinliklere beslenip geçdi.