logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /TSTB-niň 16 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä 200-den gowrak kompaniýa gatnaşar
  08.03.2024
616
TSTB-niň 16 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä 200-den gowrak kompaniýa gatnaşar

17-19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler. Geçiriljek sergide TSTB-niň dürli ugra ýöriteleşen agzalarynyň 200-den gowragy öz önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrar. Sergi bilen birlikde işewürligiň ýakyn geljek üçin wezipeleri dogrusynda ylmy-amaly maslahat geçiriler.

 

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi netijesinde bazarlarymyz halkyň sarp edýän köp görnüşli önümleri bilen üpjün edilýär. Telekeçiligi höweslendirmek we hemmetaraplaýyn goldamak, kiçi we orta hususyýetçiligi ösdürmäge ýardam etmek döwlet derejesindäki möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ykdysadyýetiň bu ulgamyny ösdürmegiň ünsden düşürilmeýändiginiň alamatydyr. 

 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýet, maliýe, bank, zähmet we durmuş ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň ählisi döwletimiziň berkararlyk binýadynyň synmaz sütüni bolan milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny yzygiderli hem ynamly pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

 

Gurban BEGALYÝEW, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.