logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Tümmül suwy tutulýar
  13.05.2021
693
Tümmül suwy tutulýar

       Tejenli gallaçy kärendeçileri güýzlük bugdaýa möhüm agrotehniki çäre bolan tümmül suwyny bermek işleri tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýar. Tejen etraby boýunça 42 müňden gowrak meýdana bugdaýyň  “Batko”, “Kalym” we “Bagrat” ýaly görnüşlerinden şu ýyl döwlet harmanyna 86 müň tonna hasyl almak ugrynda yhlasly zähmet çekýän ekerançylaryň ak ekinlere edilýän idegi barha artýar. “Hasyly bitirýänem suw, ýitirýänem” diýip ata-babalarymyzyň belläp geçişleri ýaly, tümmül bolan bugdaýa suwuň kada laýyklykda berilmegi, geljekgi bol hasylyň girewidir. Sebäbi suwuň düzüminde budaý dänesi üçin zerur bolan birnäçe ýokumlar bar diýip hem belläp geçýärler.

Tejenli gallaçylarymyz her ýylda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmegiň abraý bilen hötdesinden gelýärler. Her gektardan 50 – 55 sentner hasyl alýan ussat daýhanlaryň hatary ýylsaýyn artýar.

Bugdaýa berilýän iň soňky tümmül suwynyň nähili uly ähmiýete eýedigine daýhanlarymyz örän gowy düşünýärler.