Özbegistanyň Fergana şäherinde guralan guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionatynda ýurdumyzyň türgenleri 9 medaly gazanmagy başardylar. Ýygyndy topardan türgenlerimiz 3 altyn, 6 bürünç medaly eýelediler.
Umumylykda 15 döwletden 200-den gowrak türgeni bir ýere jemlän guşakly göreşiň erkin usuly boýunça türkmen göreşijileri 3 altyn, 3 bürünç medaly ýurdumyzyň adyna ýazdyrdylar. Çempionatyň altyn medallaryny Şatlyk Durdygulyýew 68 kilogram, Hekim Täşliýew 100 kilogram, Annagurban Allaberdiýew bolsa 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde gazandylar. Şeýle-de ýaryşda Pälwan Babajanow, Hekim Nurberdiýew, Myrat Janmämmedow bürünç medaly eýelediler.
Aziýanyň ilkinjiliginde bürünç medallara Hojanazar Annaýew, Batyr Hemraýew we Hekim Täşliýew dagy mynasyp boldy. Aýratyn belläp geçsek, Hekim Täşliýew bu ýaryşda iki medaly gazandy.
Ildeşlerimiziň Ferganada görkezen ajaýyp netijesi ýurdumyzyň guşakly göreş boýunça mekdepleriniň halkara derejededigini nobatdaky gezek subut etdi.