logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türki Döwletleriň Guramasyna täze Baş sekretar bellenildi
  14.11.2022
1234
Türki Döwletleriň Guramasyna täze Baş sekretar bellenildi

Şu ýylyň 11-nji noýabrynda Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Şol mejlisiň barşynda guramanyň çäginde birnäçe guramaçylyk meselelerine hem seredildi.

Şoňa laýyklykda, Gyrgyz Respublikasynyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kybanyçbek Ömüraliýew Türki Döwletleriň Guramasynyň täze Baş sekretary wezipesine bellendi.

Belläp geçsek, Kybanyçbek Ömüraliýewiň 25 ýyllyk diplomatlyk tejribesi bar. Ol Belarusda, Estoniýada, Latwiýa, Litwada, Türkiýede we Ysraýylda ilçi wezipelerinde işläp, Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arakalaşygynda hemişelik wekili hem boldy.