logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler
  22.07.2025
605
Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

2025-nji ýylyň 3–5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýäniň eksport harytlaryna bagyşlanan ýöriteleşdirilen sergi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berdi.

 

Her ýyl geçirilýän bu sergi Türkmenistanyň we Türkiýäniň işewür toparlaryna önümçilik mümkinçiliklerini görkezmek, öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

 

Serginiň baş maksady iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkemegine, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňelmegine we ykdysady pudaklarda innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagyna ýardam bermekden ybaratdyr.

 

Sergide Türkiýäniň iri we hususy önümçilik kärhanalary dürli ugurlardaky önümlerini – senagat hem-de oba hojalyk enjamlaryny, gurluşyk serişdelerini, durmuş we elektron enjamlaryny, öý we dokma harytlaryny sergä gatnaşyjylara hödürlärler.

 

Maýa GURDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.