logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Türkiýe Respublikasynda talyp hakly okuwlar açyldy!
  14.01.2023
2745
Türkiýe Respublikasynda talyp hakly okuwlar açyldy!

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä daşary ýurt döwleti bolan Türkiýe Respublikasynda talyp hakly  ýokary bilimi almak isleýänler üçin resminamalar kabul edilip başlandygyny habar berýär. Bu barada «Türkiye Bursları 2023»  https://turkiyeburslari.gov.tr/  bölüminde  bu ýokary okuwyň maksatnamalary hakynda olaryň haýsy hünärleri boýunça şeýle-de bakalawr, magistratura we doktorantura okuw maksatnamalary hakynda giňişleýin maglumat alyp bilersiňiz.

Bu okuwlarda okajak talyplar bakalawrlar üçin her aýda 1000 türk lirasy, magistrantlar üçin 1400 türk lirasy we doktorantlar üçin 1800 türk lirasy möçberinde aýlyk talyp haklary tölener.  

Uniwersitete girjek talyp ýaşlary we okyjylary  synaga girmek üçin 2023 –nji ýylyň 20 fewralyna çenli  resminamalaryny tabşyryp bilerler.  Şeýle hem synaglary üstünlikli tabşyran  talyplar okaýan döwründe olara ähli ýeňillikleri bolan umumy ýaşaýyş jaýy, saglyk ätiýaçlyk üçin çykdajylary, aýlyk talyp haky we başga-da birnäçe ýeňillikleri göz öňünde tutulýandygy barada habar berýärler.