logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanylan Prezidentine gutlag haty iberildi
  29.05.2023
832
Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanylan Prezidentine gutlag haty iberildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow maşgalasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli Rejep Taýyp Ärdogana gutlag hatyny iberdiler.

Gutlag hatynda türkmen halkynyň adyndan türk halkynyň durmuşyndaky iň taryhy gün, demokratiýa eradasy esasynda gazanan syýasy üstünligi we ýeňşi mynasybetli türk Liderine tüýs ýürekden çykýan gutlaglar beýan edilýär. Şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanylan Prezidentine döwlet işinde geljekde hem uly üstünlikleri gazanmagy arzuw edildi. 

 

TDH.