logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Türkiýe türkmen gazyny üstaşyr geçirmäge taýýardygyny nygtady
  13.10.2022
1134
Türkiýe türkmen gazyny üstaşyr geçirmäge taýýardygyny nygtady

«Anadolu» habar agentligi Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Dönmeziň Berlinde geçirilen 4-nji türk-nemes energiýa forumynda eden çykyşyna salgylanyp, Türkiýe döwletiniň türkmen tebigy gazyny beýleki ýurtlaryň bazarlaryna üstaşyr geçirmäge taýýardygy baradaky habary ýaýratdy.

Fatih Dönmez öz çykyşynda: «Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi gaz isleglerini kanagatlandyrmak üçin Türkiýe bilen aragatnaşyk saklaýar. Türkiýe - Hazar sebitiniň tebigy baýlyklaryny, esasanam Türkmenistanyň tebigy gazyny, Ortaýer deňzi sebitiniň, esasan-da Ysraýylyň tebigy gazyny we geljekde Yragyň tebigy baýlyklaryny ýurdumyza we beýleki ýurtlaryň bazarlaryna ugradylmagy üçin elinden gelenini etmäge taýýar» - diýip, belläp geçdi.