logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / In the world /Türkiýede 7 günlük milli ýas yglan edildi!
  07.02.2023
975
Türkiýede 7 günlük milli ýas yglan edildi!

Türkiýäniň 10-dan gowrak sebitinde bolup geçen ýer titremesi pajygaly ýagdaýlara sebäp boldy. Gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýän pursatlarynda düýn jemi 100-den gowrak gezek ýer güýçli sarsdy.

Pajygaly tebigy hadysada 2 müň 921 adam aradan çykdy. 15 müň 834 adam ýaraly! Harabalykdan 7 müň 840 adam halas edildi! Häzirki wagtda betbagtçylygyň bolan sebitinde 16 müň 400 adam işleýär!

Ýer titremäniň bolan Kahramanmaraş, Malatya, Gaziantep, Hatay, Adana, Kilis, Adıyaman, Diyarbakır, Şanlıurfa, Osmaniye ýaly sebitlerinde geçirilýän gözleg we halas ediş işleriniň netijesinde pida bolanlaryň we ýaralylaryň sany artýar!

Türkiýäniň birnäçe sebitinde bolan güýçli ýer titremesi sebäpli 7 günlük milli ýas yglan edildi.

Türkiýäniň Bilim ministrligi, Türkiýedäki ähli mekdepleriň 13-nji fewrala çenli ýatyrylandygyny habar berdi.

Ýer titremesinden ejir çeken şeýle-de öýsüz galan raýatlar üçin ýer titremäniň bolan  dürli sebitlerinde 4899 sany ýörite çadyr dikildi.

Türkiýäniň betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugy, ýer titremeleriniň birnäçe wagtlap dowam edip biljekdigini aýdyp, «sunami» barada hem duýduryş berýär.

Russiýa, ABŞ, Azerbaýjan, Gollandiýa, Polşa, Rumyniýa, Horwatiýa, Bolgariýa, Gresiýa, Çehiýa, Fransiýa, Italiýa, Hindistan, Angliýa, Eýran, Ysraýyl, Şwesiýa, Gazagystan, Litwa, Liwan, Müsür, Päkistan, Serbiýa, Ukraina, Wengriýa ýaly döwletler we Ýewropa Bileleşigi şeýle-de NATO ýaly guramalar ilkinjileriň hatarynda gözleg we halas ediş toparlaryny iberdiler, ynsanperwerlik kömegini etdiler.