logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Türkiýede Däde Gorkut hekaýalar kitabynyň Bursa golýazmasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
  09.07.2023
1824
Türkiýede Däde Gorkut hekaýalar kitabynyň Bursa golýazmasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

    Türkiýäniň Bursa şäherinde türkmen halkynyň we türki dünýäsiniň iň gadymy edebi mirasy bolan Däde Gorkut hekaýalary kitabynyň Bursa golýazmasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bursa şäher häkimliginde geçirilen bu dabarada Däde Gorkut hekaýalary kitabynyň gadymy Bursa golýazmasy barada türkiýeli professor, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory Osman Fikri Sertkaýa maglumat berdi. Türkiýeli professor, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory Ferruh Agja bolsa, Däde Gorkut hekaýalary kitabynyň asyl nusgadaky gadymy Bursa golýazmasy babatda geçiren ylmy-derňew işleriniň netijeleri barada gürrüň berdi. Bursa şäheriniň häkimi Alinur Aktaşyň gurnamagynda geçirilen Däde Gorkut hekaýalary kitabynyň gadymy Bursa golýazmasynyň tanyşdyrylyş dabarasyna professor, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory Haluk Şükrü Akalyn, ýazyjy Beşir Aýwazogly, Uludag uniwersitetiniň rektory, professor, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory Feridun Ýylmaz, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy, ýazyjy Ýakup Ömerogly, ýazyjy Serdar Ajar we başga-da köpsanly adamlar gatnaşdy.

Toýly Jänädow,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy