Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦ ✦ Türkmenistanda maldarçylygyň ekologiýa taýdan durnuklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly iňlis dili bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen talyplary nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadada üstünlik gazandylar ✦ ✦ Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi ✦ ✦ Hytaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Sport /Türkiýede türki dilli döwletleriň ilkinji küşt çempionaty geçirildi
  21.12.2025
112
Türkiýede türki dilli döwletleriň ilkinji küşt çempionaty geçirildi

Türkiýe Respublikasynyň çäginde Türki dilli döwletleriň guramasynyň howandarlygynda guralan ilkinji türki dilli döwletleriň küşt çempionaty 13-nji dekabrda üstünlikli tamamlandy. Ýaryş Gaziantep şäherinde ýerleşýän «Muzeýýen Erkul» ylym merkezinde geçirilip, sebitiň iň güýçli ýaş küştçülerini bir ýere jemledi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Çempionat 16 ýaşa çenli ýaş derejesinde geçirildi. Oňa Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan döwletleriniň milli ýygyndylary, şeýle hem Türkiýeden üç topar — Türkiýe-1, Türkiýe-2 we Türkiýe–Gaziantep gatnaşdy. Bäsleşik türki dilli döwletleriň arasynda sport we medeni gatnaşyklary berkitmekde möhüm orun eýeledi.

Ýaryşyň netijelerine görä, Azerbaýjanyň ýygyndy topary birinji orna mynasyp boldy. Özbegistanyň topary goşmaça görkezijiler esasynda ikinji, Türkiýe-1 topary bolsa üçünji orny eýeledi. Türkmenistanyň ýygyndysy bäşinji orny eýeledi. Türkmen toparynyň üstünliklerine Gurbanmyrat Rüstemow hem-de Mähri Agamyradowa uly goşant goşdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Gurbanmyrat Rüstemow öz halkara reýtingini 73,6 bal ýokarlandyrdy.

Çempionatyň dowamynda türki dilli döwletleriň küşt federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy hem geçirildi. Duşuşykda küşt ulgamynda institusional ösüş, Türki küşt assosiasiýasyny döretmek baradaky mümkinçilikler, hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki ýaryşlary guramak we sebitde küşti ösdürmek boýunça geljekki maksatnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Baş assambleýanyň işine Türki döwletleri guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Dr. Mirwohid Azimow hem-de Türkiýe Respublikasynyň Ýaşlar we sport ministrliginiň halkara guramalar bilen gatnaşyklar bölüminiň ýolbaşçysy Jenap Mustafa Baryş Öztürk ýaly hormatly myhmanlar gatnaşdylar.

Türki dilli döwletleriň ilkinji küşt çempionaty küşt jemgyýetçiligini bir ýere jemlemekde hem-de türki dünýäniň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetli waka boldy.

 

Kuwwat ATAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.