logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Türkiýeden Türkmenistana uçuş üçin petekleri onlaýn satyn alyp bolýar
  10.11.2022
1181
Türkiýeden Türkmenistana uçuş üçin petekleri onlaýn satyn alyp bolýar

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň, resmi web sahypasyndan indi Türkiýeden Türkmenistana we yzyna gaýdyş peteklerini onlaýn satyn alyp bolýar. Web sahypasyndan  Stambuldan - Türkmenbaşy uçuşlary üçin petek satyn alyp bilersiňiz.

Häzirki wagtda petekleriň köpüsiniň satylanlygy sebäpli 2-nji dekabrda boljak uçuş üçin petek satyn alyp bolýar. Petegiň bahasy 10,425,26 türk lirasyna deňdir. Türkmenbaşydan 2-nji dekabrdaky uçuş üçin petegiň bahasy 592 ABŞ dollaryna deň bolar.

Belläp geçsek, «Turkish Airlines» awiakompaniýasy iki ýyllyk arakesmeden soň Türkmenistana yzygiderli gatnawlaryny dikeltdi. Iki ýurduň arasyndaky uçuş tertibi bilen awiakompaniýanyň web sahypasyndan tanşyp bilersiňiz.