logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Türkiýeli alymlar zeýtun çigidinden kofe öndürdiler
  27.04.2022
956
Türkiýeli alymlar zeýtun çigidinden kofe öndürdiler

Alymlar diňe tehnologiýa pudagynda uly öňegidişlik gazanman eýsem-de dürli ugurlarda täze açyşlary edýärler. Alymlar bu gezek, gündelik durmuşda giňden ulanylýan zeýtun miwesiniň çigidinden kofe öndürmegi başardylar. Ýakynda, öýlerde adaty kofe meňzeş zeýtun çigidinden öndürilen kofeler peýda bolar.

Zeýtun çigidinden dekafinirlenen kofe öndürmegi başaran alymlar, adaty kofe üçin möhüm alternatiwi oýlap tapdylar.  Önümçilik taýdan has arzan we dargadylan görnüşde alynýan täze kofe, öň iýmitlik we ýag üçin ulanylýan zeýtun çigidinden alynýar. Bu bolsa zeýtunyň iýmitlik ýa-da ýag çeşmesi däldigini ýene bir gezek görkezdi.

Gaziantep uniwersitetiniň biologiýa bölüminiň hünärmenleri ösümlikden kofe öndürmek şeýle-de zeýtuny gaýtadan işlemek baradaky işleriň gutarandygyny mälim etdiler. Hünärmenler "- Soňky ýyllarda zeýtun ýagyndan başga-da ýapraklarynyň we gülleriniň köp sanly bejeriş taraplary ýüze çykdy. Zeýtun hakykatdanam fitohimiki serişdeleri öz içine alýan örän möhüm önüm. Bu gezekki geçiren gözleglerimiz zeýtun çigidinden kofe öndürip bolýandygyny görkezdi." - diýip belläp geçdi.

Täze öndürilen kofeniň adaty kofeden hiç hili tapawudy bolmaz diýlip çaklanylýar. Şeýle hem bu kofe 70 göterim zeýtun çigidinden ybarat bolup, hiç hili ajy tagamy bolmaz.

Suraýýa REJEPOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.