logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Sports /Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatynda jemi 12 medala eýe çykdylar
  09.05.2025
923
Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatynda jemi 12 medala eýe çykdylar

Türkmen agyr atletikaçylary Peru döwletiniň paýtagty Lima şäherinde geçirilen ýetginjekler (U17) we ýaşlar (U20) arasynda dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, jemi 12 medal gazandylar. Bu halkara ýaryşa 77 ýurtdan 531 türgen gatnaşdy.

 

Türkmenistanyň adyndan ýaryşa jemi 7 türgen gatnaşdy: ýaşlar toparynda 4 oglan, ýetginjekler toparynda bolsa 3 gyz çykyş etdi. Olardan bäşisi ýurdumyzyň hasabyna 2 altyn, 7 kümüş we 3 bürünç medal getirmegi başardy. Gazanylan 12 medalynyň onusy ýetginjekleriň (U17) arasyndaky ýaryşda alnan netijelerdir.

 

Şeýle hem, geçen ýyl şol bir şäherde — Lima şäherinde geçirilen ýetginjekleriň dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 7 medal (3 altyn, 1 kümüş, 3 bürünç), Ispaniýada geçirilen ýetginjekler dünýä çempionatynda bolsa 4 medal (3 altyn we 1 bürünç) gazanypdylar.