logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Türkmen agyr atletikaçylary halkara ýaryşda tapawutlandy
  22.12.2025
401
Türkmen agyr atletikaçylary halkara ýaryşda tapawutlandy

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary Dohada geçirilýän agyr atletika boýunça 10-njy halkara Katar Kubogynda üstünlikli çykyş edip başladylar. Ýaryşyň ilkinji günlerinde türgenlerimiz Bünýat Raşidow we Ogulşat Amanowa ýurdumyzyň hasabyna dürli derejeli jemi alty medal goşdylar.

 

67 kg çenli agram derejesinde çykyş eden Bünýat Raşidow garşydaşlaryndan üstün çykyp, ýaryşyň umumy ýeňijisi boldy. Ol silkip götermek görnüşinde 145 kg netije bilen altyn medaly, itip götermekde 169 kg bilen kümüş medaly gazandy hem-de iki görnüşiň jemi boýunça 314 kg netije bilen birinji orna eýe boldy.

 

Ýygyndy toparyň ýene üç medalyny 45 kg çenli agramda çykyş eden Ogulşat Amanowa gazandy. Ol silkip götermekde 77 kg, itekläp götermekde 93 kg netijeleri görkezdi hem-de jemi 170 kg bilen üç görnüş boýunça bürünç medallara mynasyp boldy.

 

Myrat YLÝASOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.