Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmen alabaý iti
  17.06.2021
2473
Türkmen alabaý iti

Häzirki günde beýleki tohumlar bilen garyşman, özüniň iň gadymy görnüşini saklap galan dog görnüşli itleriň ýeke-täk tohumy bar. Bu gaýduwsyz, wepaly, güýçli, çydamly, akylly  türkmen alabaýydyr. Alabaýlaryň şekiljikleri we heýkeljikleri antik we orta asyr eýýamynyň harabaçylyklarynda-da duş gelýär. Ýagny 1982-nji ýylda Amyderýaň golaýynda gazuw agtaryş işleri geçirilende b.e.öň II we IV asyrlarda ýasalan alabaý itiniň şekilleri çykypdyr. Mundan başga-da alabaýyň gadymylygyny tassyklaýan has ygtybarly maglumatlaryň biri hem 2003-nji ýylda Ajyguýy medeni oturymly ýerden tapylan iki sany iri tohumyň ystyhanydyr. Polşadaky radiokarbon barlaghanasynda geçirilen barlaglaryň esasynda mazarlaryň gadymy müňýyllyklara degişlidigi anyklanyldy.

Alabaý iti gaty çydamly itleriň biri bolup ol gyşyna -30° tomsyna +45° howa çydapdyr. Alabaý iti kiçiliginden eýesini goramaga ýagny sakçylyga ukyply bolupdyr. Ol hatda eýesini ýylandanam gorap bilipdir. Beýik Watançylyk uryş ýyllarynda-da itleri ýaraly esgerleri süýräp çykarmakda ulanypdyrlar. 17-18-nji asyrlarda ýurdumyzdan geçip gidýän söwdagärler türkmen itini ýanynda ýagny Indiýa, Kitaýa, Ýegipte alyp gidipdirler.

Türkmenleriň alabaýlary niýetlenişi boýunça möjekçi, goýunçy, sakçy ýaly toparlara bölünýär.Osoawiahimiň gulluk itçilik komitetiniň başlygy W.L.Waýsman tarapyndan 1931-nji ýylda düzülen alabaýlaryň birinji standarty has bellärliklidir, ol alabaýyn beden gurluşyny iki görnüşe bölýär. 1935-nji ýylda ajaýyp alym we türkmen itlerinden oňat başy çykýan A.P.Mazower hem alabaýlary kelleleriniň görnüşi boýunça iki görnüşe bölýär: “aýy sypat” (maňlaýdan tumşuga geçmegiň ýiti aňladylmagy bilen) we “at sypat” (göni, üzül-kesil geçmesiz). Kellesi “at sypat” görnüşine artykmaçlyk berýär.

Arassa ganly alabaý itleri sürä hüjüm edýän ýyrtyjylara hemişe gazaply daraýarlar. Alabaý ýöne ýere hiç haçan adamyň üstüne topulmaz, çagalary diýseň gowy görýär. Itiň hereketi saldamly, erkin, tygşytly. Emma süriniň ýa-da eýesiniň üstüne howp abanaýsa, ol gazaplanýar, göz açyp-ýumasy salymyň içinde hüjüme geçýär.

XVI asyrda Maňgyşlak ýarym adasynda şyh Kemaleddin Hüseýn Horezminiň itiniň mazary adamlaryň sežde edýän ýerine öwrülipdir. Itiň tüýi mukaddes saýylypdyr. Käbir mollalar itiň tüýüne we duza dem salyp, üçburçly mata tumarlary tikipdirler. Olary göz degmezlik üçin çagalaryň tahýalaryna we köýneklerine berkidipdirler, aýallar bolsa şunuň ýaly tumarlary örüm saçlaryna dakypdyrlar.

Güjügiň agzyny açyp seredeniňde ýokarky äňi gap-gara bolsa, ol örän edenli bolup ýetişer. It janawar: “Eýämiň on sany ogly bolsa, olaryň hersi burnumyň garasy ýaly nan berse bolany” diýermiş.