Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Lew XIV ady bilen täze Papa saýlandy ✦ ✦ Türkmenistan tarapyndan daşary döwletlerde gurlan bilim edaralary ✦ ✦ Hytaý 5,4 müň metr meýdanda innowasion merkezi bolan muzeý gurdy ✦ ✦ Ekologiýa arassaçylygy - durmuşyň kepili ✦ ✦ Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatynda jemi 12 medala eýe çykdylar ✦ ✦ Hytaýda bütindünýä robotlar oýunlary geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzda pile ýetişdirmek boýunça gyzgalaňly işler dowam edýär ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşundaky Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp ýatlama duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Watan gahrymanlaryna şöhrat ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi
  02.11.2022
478
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik tutumly işler Arkadagly Serdarymyzyň  parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şol üstünlikler bolsa ilkinji nobatda halkymyzyň asuda, parahat, agzybir durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu günki gün milli medeniýetimize, däp-dessurymyza sarpa goýmak, milli gymmatlyklarymyzy  gorap saklamak, olary ylmy esasda öwrenmek bu ugurda zähmet çekýän her bir hünärmeniň mukaddes borjy bolup durýar. Asly müňlerçe ýyllara uzalyp gidýän baý taryhy ýoly bolan merdana türkmen halkymyz özüniň döreden milli gymmatlyklary bolan Ahalteke bedewlerimiz, türkmen alabaýlarymyz, saryja goýunlarymyz, arwana düýelerimiz bilen dünýä tanalýar. Şol döreden milli gymmatlyklarymyzyň içinde türkmen alabaýlarymyz mynasyp orny eýeleýär. Özüniň syraty, edermenligi, wepalylygy bilen dünýä ýüzüni haýrana goýýan alabaý itlerimiz halkymyzyň asyrlar boýy kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiren gymmatlyklarynyň biridir.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda Gahryman Arkadagymyz her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesi Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemeklik hakynda karara gol çekdi. Şu mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeginde baýramçylyk çäreleri giň gerim bilen dowam etdi. Şeýle baýramçylyk çäreleriniň biri hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde uly dabara bilen bellenilip geçildi. Şatlyk-şowhuna, joşguna beslenen açyk asmanyň astynda geçirilen bu dabarada milli gymmatlyklarymyza, däp dessurymyza bagyşlanan sergi, ýigitlerimiziň gatnaşmaklarynda türkmen milli göreşi boýunça, küşt oýnamak, ýaglyga towusmak boýunça bäsleşikler şeýle-de baýramçylyk konserti ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Dabara gatnaşanlar sergide türkmen alabaýlarynyň, arwana düýeleriniň, türkmen tazysynyň we elguşunyň görnüşlerine syn etseler, baýramçylyk konsertinde milli gymmatlyklarymyzy, Türkmen alabaýlaryny wasp edýän aýdymdyr-goşgulary uly höwes bilen diňlediler. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan diňe bir uniwersitetiň professor mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň däl-de eýsem beýleki myhmanlaryň hem ýüzleri şatlykdan doldy. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşanlara türkmen milli tagamlary hödür edilip, myhmansöýerligiň ajaýyp nusgasy görkezildi. 

 

Daýanç REÝIMOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Epizootologiýa we parazitologiýa
kafedrasynyň mugallymy.