logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Türkmen alabaýynyň halkara güwänamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
  17.12.2025
434
Türkmen alabaýynyň halkara güwänamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

 

Dabara gatnaşyjylar ilki bilen merkezde ýerleşýän eýwanda guralan sergi bilen tanyşdylar. Sergiden soň ÝUNESKO tarapyndan kabul edilen milli hödürnama boýunça güwänamanyň resmi taýdan gowşurylyş dabarasy boldy. Çykyşlarda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işleri, alabaý tohumynyň arassalygyny goramak we ösdürmek babatynda görülýän çäreler barada giňişleýin gürrüň berildi.

 

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky hökümetara komitetiniň Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň hödürlän «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly hödürnamasynyň goldanylmagy hem-de sanawa girizilmegi ýurdumyzyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

 

Aýgül TARNAWOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.