logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Türkmen alabaýynyň milli baýramy
  30.10.2023
1191
Türkmen alabaýynyň milli baýramy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly döwlet baştutanlygynda halkymyzyň baý taryhy mirasyny, medeni gymmatlyklaryny aýap saklamak, olary dünýä ýüzünde wagyz etmek işleri ýurt derejesinde giňden alnyp barylýar. Şeýle işleriň hatarynda öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli itşynaslygy ösdürmek we bu ugurda gazanylýan üstünlikleri we ýetilen derejeleri halkara derejesinde ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiýasy döredildi. Alabaý halkymyzyň durmuşynda, halk döredijiliginde, edebiýatynda asyrlar boýy möhüm orun eýeläp geldi.  

 

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgalyk türkmen alabaýlaryna halkymyzyň medeniýetiniň möhüm bölegi  hökümde garalýar. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Asylly däbe öwrülen bu milli baýramyň çäklerinde “Ýylyň Türkmen edermen alabaýy” atly bäsleşik, şeýle-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň mejlisi geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda milli itşynaslara “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly atlar dakyldy.    

 

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowat beren “Türkmen alabaýy” atly kitabynda halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda alabaýlaryň eýeleýän ähmiýetli orny barada giňişleýin gürrüň berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaýyň gelip çykyşy, ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, onuň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny hem açyp görkezýär.

 

 

Serdar ESENMURADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 
Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti hünäriniň 
dil taýýarlyk toparynyň talyby.