logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär
  27.01.2026
343
Türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Serjio Gor bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Taraplar sebit durnuklylygy bilen bagly meselelere hem degip geçip, bu ugurda pikir alyşdylar. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berdi.

 

Şol gün Aşgabatda Serjio Goryň, şeýle-de amerikan we türkmen işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan resmi kabul edişlik geçirildi.

 

Amerikan tarapy Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda bar bolan diplomatik gatnaşyklara ýokary baha berýändigini beýan etdi.

 

Rejepnur NUROW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.