logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /«Türkmen arhiwi» atly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
  01.10.2022
1244
«Türkmen arhiwi» atly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşir edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminama, ylmy-taglymat we usulyýet žurnalynyň 2020-2021-nji ýyllardaky nobatdaky sany çapdan çykdy.


Žurnalyň täze sanynda kabul edilen resminamalaryň toplumy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary hem-de Kararlary, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň resminamalary şeýle-de geçen iki ýylyň has ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çärelerine — iri forumlara, halkara maslahatlara, konsultatiw duşuşyklara, dürli senagat we durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna gysgaça synlar çap edilen.


Žurnalyň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasyndan fotosuratlar ýerleşdirilip, ýurdumyzyň taryhyndan gyzykly maglumatlary hem özünde jemleýär.