logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Türkmen artistleri Azerbaýjanda geçirilen TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwalynda çykyş etdiler
  05.11.2023
676
Türkmen artistleri Azerbaýjanda geçirilen TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwalynda çykyş etdiler

Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde 1 – 4-nji noýabr aralygynda TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu festiwala ýurdumyzdan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berýär.

 

 

Bu Halkara teatr festiwala Türkmenistandan, Gazagystandan, Türkiýeden, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan teatr toparlary wekilçilik etdiler.

 

 

Türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny, köpdürliligini açyp görkezýän TÜRKSOÝ halkara teatr festiwaly özboluşly maksatnama bolup, onda zehinli teatr ussatlary aktýorlar, dramaturglar, režissýorlar we prodýuserlere öz halkynyň medeni mirasyny, eserlerini we medeniýetini halkara sahnada görkezmäge mümkinçilik döredildi.

 

 

Türkmen artistleri şenbe güni sagat 15:00-da Baku şäherindäki Azerbaýjanyň döwlet akademiki rus drama teatrynda dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň “söýgi we hasrat” atly taryhy tragediýasy bilen çykyş etdiler.

 

 

Halkara teatr festiwalynda emin agzalaryň alty sanysy ýerine ýetirilen çykyşlara baha berdiler. Olaryň arasynda ýurdumyzdan Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowanyň hem bardygyny aýdyp geçmek gerek.

 

Merjen Esenowa,
Magtymguly adyndaky türkmen döwlet
uniwersitetiniň IV ýyl talyby.