logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Society /Türkmen awiasiýasynyň täze howa gämisi
  25.03.2023
1121
Türkmen awiasiýasynyň täze howa gämisi

Golaýda, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «A330-200» kysymly «P2F» görnüşli ýük uçary gelip gowuşdy. Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda «A330-200» kysymly «P2F» görnüşli iki sany ýük uçaryny satyn almak barada baglaşylan şertnama laýyklykda gelip gowşan ilkinji uçardyr. Ol Merkezi Aziýada ulanylýan şeýle görnüşli uçarlaryň ilkinjisidir.

Uçar «Rolls-Royce Trent 700» hereketlendirijisi bilen üpjün edilip, uzak aralyga 60 tonna çenli ýüki daşamak mümkinçiligine eýedir. Onuň uçuş uzaklygy 13,4 müň kilometre deňdir. Şeýle uçarlaryň satyn alynmagy ýurdumyzyň howa gämileri ulgamynyň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak bilen birlikde, milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, halkara howa ýük gatnawlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmaga, howa ulagy arkaly ýük daşamagy ýokary derejede amala aşyrmaga, hyzmatdaş döwletler bilen söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge amatly şertleri döreder.

Uçuş uzaklygy 13 müň kilometrden gowraga barabar bolup, 60 tonna çenli ýük daşamaga niýetlenilen bu ýük göteriji täze howa gämisiniň satyn alynmagy yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ýörelgesini berkitmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň toplumlaýyn strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolundaky nobatdaky ädimdir. Şunuň ýaly ýük göteriji döwrebap howa gämisiniň ikinjisi bolsa ýurdumyza ýakyn wagtda getiriler.

Döwrebap ýük göteriji täze howa gämisi bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmäge uly ýardam berip, ýurdumyza we halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etmek bilen, döwletimiziň uçarlar ulgamynyň tehniki binýadyny has-da berkider. 

 

Aýjeren MYRADOWA, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.