Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦ ✦ Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli at çapyşygy geçirildi
  28.04.2025
349
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli at çapyşygy geçirildi

Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden we şowhunly ýagdaýda bellenildi. Bu şanly sene mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaralar dabaralandyryldy.

 

Baýramçylyk çäresiniň çäklerinde geçirilen at çapyşyklary behişdi bedewleriň şan-şöhratyny belende galdyrdy. Çapyşyklar çapyksuwarlardan batyrgaýlygy, çydamlylygy, çalasynlygy, tutanýerliligi hem-de atlara bolan çäksiz söýgini talap edýär. Şu günki çärede dürli aralyklarda jemi 7 çapyşyk geçirildi, bedewleriň onlarçasy gatnaşyp, öz ussatlygyny görkezdi.

 

Birinji çapyşyk 1400 metr aralyga alnyp baryldy we maliýe hem-de ykdysadyýet toplumynyň baýragy ugrunda bäsleşildi. Bu ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Babadaş atly mele at pellehana ilkinji bolup ýetdi. Çapyksuwary R​. Agamyradow​.

 

Ikinji çapyşyk hem 1400 metr aralyga geçirildi. Onda nebitgaz toplumynyň baýragy ugrunda bäsleşildi we "Tokaý hojalygy" döwlet kärhanasynyň Goar​ II atly mele aty ýeňiş gazandy. Onuň çapyksuwary O​. Amangeldiýew​ boldy.

 

Üçünji çapyşykda söwda toplumynyň baýragy ugrunda 1600 metr aralyga ýaryş geçirildi. Bu ýaryşda "Türkmenawtoulaglary​" agentliginiň Ýagmyrly atly dor aty, çapyksuwar D​. Azadowyň​ erk etmeginde, birinji ýere çykdy.

 

Dördünji çapyşykda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baýragy ugrunda 1600 metr aralyga atlar bäsleşdi. Baş prokuraturanyň Gazanar atly al aty çapyksuwar Y​. Saparowyň​ dolandyrmagynda pellehanadan ilkinji bolup geçdi.

 

Bäşinji çapyşyk gurluşyk we senagat toplumynyň baýragy ugrunda guraldy. 1600 metr aralyga geçirilen bu ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Şägirt II atly dor aty, çapyksuwar S​. Çaryýew bilen ýeňiş gazandy.

 

Altynjy çapyşykda oba hojalyk toplumynyň baýragy ugrunda dört we ulyýaşar atlaryň arasynda 1800 metr aralyga bäsleşik geçirildi. "Tokaý hojalygy" döwlet kärhanasynyň Gudratlydag​ atly mele aty çapyksuwar D​. Berdimämmedow​ bilen pellehana ilkinji bolup geldi.

 

Jemleýji, ýedinji çapyşykda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy we göçme kubogy ugrunda 1800 metr aralyga ýaryş geçirildi. Bu ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at, ussat çapyksuwar B​. Agamyradowyň​ dolandyrmagynda ýeňiji boldy.

 

Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy hem guraldy. Olara gymmat bahaly sowgatlar, uly möçberli pul baýraklary hem-de diplomlar gowşuryldy. Şeýle-de, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy bilen uly pul baýragy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.