logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Türkmen bedewiniň tarypy
  28.04.2024
805
Türkmen bedewiniň tarypy

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlaryny şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda surakeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky bäsleşikdäki ýeňijilere hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şa serpaýyna mynasyp boldular.

 

Bäsleşige gatnaşan heýkeltaraşlaryň eserlerinde gadymyýetden gözbaş alýan türkmen ahalteke bedewiniň şan-şöhraty, taryhy we türkmen halkyň arasynda goýulýan hormatyň beýany şöhlelendirilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde milli şekillendiriş sungatynyň heýkeltaraşlyk ugrunda döredilen Kerim Soltanowyň “At gazanan goç ýigide, owwal bedew aty gerek”, Togrul Muhyýewiň “Altynjan hatyn”, Atajan Çaryýewiň “Bedew”, Ramazan Artykowyň “Behişdi bedew”, Serdar Jumaýewiň “Joşgun”, Hajymuhammet Baýramowyň “Wepaly dostlar”, Bekmyrat Bekmyradowyň “Seýit Jemaleddin”, Seýrangeldi Berdiýewiň “Türkmen bedewi” ýaly işleri bellemek bolar. Serdar Jumaýewiň “Joşgun” atly heýkel eseri özüniň monumental häsiýeti bilen tomaşaçyny özüne çekip, dag gerişleriň arasynda joşgunly çapyp barýan ahalteke bedewiniň keşbi şekillendirilipdir.

 

Bäsleşikde şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Kerim Soltanow “At gazanan goç ýigide, owwal bedew aty gerek” atly heýkeli üçin şa serpaýyna mynasyp boldy. Ýaş heýkeltaraşyň taslamasy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ähmiýetli tarapyny görkezýär. Bu taslama akyldar şahyrymyzyň türkmen bedewine bagyşlanan goşgy setirlerini beýan edipdir. Şahyryň elinde saklap duran golýazmada altynsow harplar bilen şeýle setirler beýan edilýär:

 

At gazanan goç ýigidiň,

Owwal bedew aty gerek.

Gelene garşy durmaga

Ýagşy muhabbet gerek.

 

Umuman, ýaş suratkeşler türkmen bedewiniň keşbini janlandyryp, onuň waspyny buýsanç bilen beýan edýärler. Çünki ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlary, milli gymmatlyklarymyzy, ahalteke bedewiniň seýisçilik sungatyny sungat eserleriň üsti bilen dünýä ýaýmak örän ähmiýetli.

 

Şatlyk Saparow,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň
öwreniji mugallymy.